25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ukrain tarapyna bolsa Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aratyn üns berildi.
Taraplar halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplaryň özara bähbitli ugurlaryň giň gerimi boýunça netijeli türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýarlygy tassyklanyldy.
