Aşgabatda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi

MilliInfo
Aşgabatda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi

14-nji iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, özbek wekiliýetine bolsa Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar, ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri hökmünde ýokary derejedäki özara saparlaryň, duşuşyklaryň we gepleşikleriň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Ikitaraplaýyn derejede işjeň syýasy dialogy dowam etdirmek, şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň, GDA-nyň, YHG-nyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar birek-biregiň halkara başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamaga hem-de sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleri utgaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegiň, parlamentara we sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, şeýle hem iki ýurduň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar.

Ikitaraplaýyn gün tertibiniň çäklerinde taraplar şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreleriniň durmuşa geçirilmegi we guramaçylyk taýdan üpjün edilmegi bilen bagly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň aýratyn ugry söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlandy. Özara söwdany mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň hem-de Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygy nygtaldy.

Şeýle hem ulag-üstaşyr özara baglanyşygy ösdürmegiň, täze halkara ulag geçelgelerini kemala getirmegiň, logistika düzümini kämilleşdirmegiň, senagat, oba hojalygy, energetika hem-de sanly ykdysadyýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň halklaryny has-da ýakynlaşdyrýan möhüm ugur hökmünde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly üns berildi. Taraplar bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, ýaşlar syýasaty we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň oňyn depginini belläp, ynsanperwer alyşmalary giňeltmäge, bilelikdäki medeni çäreleri geçirmäge hem-de Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen täze taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

***

Şol gün döwletara hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Aşakdaky resminamalara gol çekildi:

  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk;

  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info