Aşgabatda Türkiýäniň Demokratiýa we Milli jebislik gününiň 10 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

MilliInfo

1 sagat öň

Aşgabatda Türkiýäniň Demokratiýa we Milli jebislik gününiň 10 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkezinde Türkiýäniň Demokratiýa we Milli jebislik gününiň 10 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi. Bu ýatlama güni 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda demokratiýany, azatlygy we ýurduň konstitusion gurluşyny goramak ugrunda çykyş eden raýatlaryň hormatyna döredildi.

Çärä Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri, iki ýurduň jemgyýetçilik wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň agzalary gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylaryň öňünde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok çykyş etdi. Ol 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda bolup geçen pajygaly wakalaryň Türkiýäniň häzirki zaman taryhynyň iň möhüm sahypalarynyň biri bolandygyny hem-de halkyň demokratik institutlary we döwleti goramakdaky jebisliginiň nyşanyna öwrülendigini belledi.

Şeýle hem diplomat türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň özara hormat, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtady. Ol iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary goldaýandyklary we hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýandyklary üçin bütin türk halkynyň adyndan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hoşallyk bildirdi.

Resmi açylyşdan soňra 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda bolup geçen wakalara bagyşlanan dokumental fotosuratlaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Türkiýäniň Demokratiýa we Milli jebislik güni 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň başlangyjy bilen döredildi. Şondan bäri her ýylyň 15-nji iýulynda Türkiýede halkyň jebisligine we demokratik gurluşy goramakda edermenlik görkezen raýatlaryň hatyrasyna bagyşlanan ýatlama çäreleri geçirilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info