Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy milli atşynaslyk däplerini aýawly saklamak hem-de bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça giň gerimli işlere ýardam berýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda assosiasiýa dünýäniň dürli ýurtlaryndan hünärmenleri, atşynaslary we behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýanlary birleşdirýän abraýly meýdança bolup hyzmat edýär.
...Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi.
Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz assosiasiýanyň agzalaryny mähirli mübärekläp, ýurdumyzyň baş baýramynyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň geçirilýändigini hem-de onuň dowamynda birnäçe soraglara serediljekdigini, şeýle hem ahalteke atçylygyny ösdürmekde uly işleri alyp baran assosiasiýanyň agzalaryna Türkmenistanyň hormatly atlarynyň dakyljakdygyny aýtdy.
«Häzirki wagtda ahalteke bedewlerine aýratyn belent sarpa goýulýar. Ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki şan-şöhraty barha belende göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda atçylyk pudagynyň berk binýady döredildi» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
«Ahalteke tohum atlaryny gorap saklamakda we baş sanyny köpeltmekde, behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy häzirki wagtda abraýly halkara gurama öwrüldi» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde bu assosiasiýanyň ýurdumyzdan we dünýäniň 40-a golaý döwletinden 213 agzasy bar. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Niderlandlar Patyşalygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi ýokary derejede geçirildi. Şeýle hem ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilmegi behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlaryna hormatly atlary dakmak maksady bilen taýýarlanylan resminamalara gol çekdi.
Soňra ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň raýatlaryny sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň başynda, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryny okady.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda:
Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Marian Weltewredene, Hytaý Halk Respublikasynyň «Daqing Huiyou Breeding Co., Ltd.» atçylyk kompaniýasynyň başlygy Liu Şutsine,
şeýle hem Estoniýa Respublikasyndan hususy atşynas, halkara derejeli weterinar lukmany Kaido Puuseppe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň atly sport we marafon bölüminiň seýsi — topar ýolbaşçysy Durdymyrat Kanaýewe «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň çapyksuwary Begençmyrat Agamyradowa,
şeýle hem Aşgabat şäherinden hususy atşynas Berdimuhammet Berdimuhammedowa «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.
Soňra hormatly atlara mynasyp bolan atşynaslar hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly atlara mynasyp bolan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynaslaryny ýene bir gezek gutlady hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň işi dowam etdi.
