«Telwas» koworking: Aşgabatda kämil ideýalar we biznes üçin özboluşly giňişlik ösdürilýär

MilliInfo

Türkmenistanyň paýtagtynda türkmen etniki äheňi bilen tapawutlanýan we Aşgabatda ýeke-täk kreatiw merkezi bolan «Telwas» koworkingi uly meşhurlyk gazanýar. Bu diňe bir iş giňişligi bolman, eýsem, däp-dessurlaryň döwrebap ideýalar, telekeçilik pikirlenmesi we döredijilik erkinligi bilen sazlaşykly utgaşýan janly ekoulgamydyr.

«Telwas» gysga wagtda frilanserler, startapçylar, täze işe başlaýan telekeçiler we döredijilik pudagynyň wekilleri üçin özüne çekiji merkeze öwrüldi. Bu ýerde seminarlar, ussatlyk sapaklary, bilim duşuşyklary, şeýle hem tejribeli bilermenler we tälimçiler tarapyndan okuw maslahatlary hem-de kouç sessiýalary yzygiderli geçirilýär.

Her şenbe güni geçirilýän «Açyk penjire» atly başlangyç koworking merkeziniň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Taslamanyň baş maslahatçysy Arslan Rejepow «idea», «pre-seed» we «seed» tapgyrlaryndaky startaplar bilen tölegsiz esasda işleýär. Duşuşyklaryň çäklerinde gatnaşyjylar ideýadan anyk hereketlere, önümden bazara geçmek boýunça amaly ýardamy, şeýle hem öz taslamalaryny ösdürmek we giňeltmek baradaky gymmatly maslahatlary alýarlar.

«Biz «Telwas» koworking merkezini ideýalaryň goldaw, adamlaryň bolsa her bir ädimlerine ynam tapýan giňişligi hökmünde döretdik. Bu ýere başlangyç tapgyrdaky startaplar gelýärler we meniň wezipäm olara pikirlerden hereketlere, çaklamalardan bolsa hakyky bazara geçmäge kömek etmekden ybaratdyr. «Açyk penjire» taslamasy — bu dogruçyl seslenmeleri almaga, dogry sowallary bermäge we ösüş ýoluny görmäge berilýän tölegsiz mümkinçilikdir. Men Aşgabadyň telekeçilik we döredijilik pudagynda ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýaryn. «Telwas» bolsa döretmäge hem-de hereket etmäge taýýar bolanlaryň her biri üçin ösüş nokadyna öwrülýär» — diýip, taslamanyň baş maslahatçysy, koworking merkeziniň direktory Arslan Rejepow gürrüň berýär.

«Telwasyň» ýene-de bir aýratynlygy fitnes industriýasy bilen baglydyr. Koworking merkeziniň goldawy bilen iki fitness kluby işleýär. Olar islendik formatdaky fitnes meýdançalaryny döretmek we ösdürmek boýunça — konsepsiýadan we biznes-ideýadan başlap, doly derejede işe girizilmäge we operasion dolandyryşa çenli professional maslahatlaryny berýärler.

«Telwas» merkeziniň düzümi ähli döwrebap talaplara laýyk gelýär:

  • 15 adamlyk döwrebap enjamlaşdyrylan maslahat zaly;

  • 50 iş orunlyk «open-space» giňişligi;

  • Işlemek we onlaýn duşuşyklar üçin ses geçirmeýän otaglar;

  • Ýakymly bar we resmi bolmadyk gatnaşyklar hem-de güýç toplamak üçin dynç alyş zolagy.

«Telwas» koworking merkezi telekeçiligi, döredijiligi we milli özboluşlylygy birleşdirip, Aşgabatda bilelikde işlemegiň täze medeniýetini ynamly kemala getirýär hem-de ideýalaryň hakyky taslamalar hökmünde durmuşa geçýän meýdançasyna öwrülýär.

Telefon belgisi: 970790

Ýerleşýän ýeri: Gurtly ý/t, jaý 110

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info