Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

MilliInfo

2 sagat öň

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu neşiriň çap edilmegi däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýän ähmiýetli waka öwrüldi.

Çärä DIM-niň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem ylmy we akademiki jemgyýetçiligiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Dabarada Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi G.Gozalow çykyş edip, ählumumy parahatçylygy, özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny açyp görkezmekde, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuňňur mazmunly işini azerbaýjan okyjylaryna tanyşdyrmakda häzirki çäräniň aýratyn ähmiýetini nygtady.

Kitapda döwlet syýasatynyň esasy hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň binýatlyk ýörelgeleri, şeýle hem sebitleýin we ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmekde onuň mümkinçilikleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi barada täsirli beýan edilýär.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilinde çapdan çykmagy ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer alyşmalaryň giňeldilmegine, doganlyk gatnaşyklaryň berkidilmegine uly goşant bolup, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info