Aşgabatda Ý.Gagariniň heýkeline gül goýmak dabarasy geçirildi

MilliInfo

3 sagat öň

10-njy aprelde Aşgabatda adamzadyň älem giňişligine ilkinji uçuşynyň 65 ýyllygy mynasybetli Ýuriý Gagariniň heýkeline gül goýmak dabarasy boldy. Bu çärä A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçylary, rus diplomatlary, giň jemgyýetçilik wekilleri we žurnalistler gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylaryň öňünde Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin gutlag sözi bilen çykyş etdi:

— Ýuriý Alekseýewiçiň bu gahrymançylygyny Beýik Watançylyk urşunyň tamamlanmagyndan bary-ýogy 16 ýyl soň amala aşyrandygyny we munuň tutuş Sowet Soýuzynyň taryhynda ähmiýetli waka bolandygyny bellemek isleýärin. Bu diňe bir Russiýa üçin däl, eýsem, ozalky SSSR-iň düzümine giren halklaryň we respublikalaryň ählisiniň wekilleri üçin buýsandyryjy üstünlikdir.

Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda ozalky Çärjew şäherinde (häzirki Türkmenabat) doglan, Russiýanyň we Türkmenistanyň Gahrymany, Ýuriý Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy Oleg Kononenkonyň hünär üstünliklerine ýokary baha berdi. Ol orbitada bolmagyň umumy dowamlylygy boýunça dünýä rekordyny goýupdy. Mundan başga-da, ilçi kosmos ulgamyndaky rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň uly geljeginiň bardygyny nygtady:

— Biz hemralary öndürmek we uçurmak, nawigasiýa tehnologiýalary, dürli ylmy barlaglar we işläp taýýarlamalar babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys. Mundan başga-da, eger Türkmenistan tarapyndan gyzyklanma bildirilse, Russiýanyň türkmen kosmonawtyny hem uçuşa taýýarlap biljekdigine ynanýarys.

Gül goýmak dabarasyndan soňra çäräniň ýaş gatnaşyjylary Aşgabatdaky Rus öýüniň binasynda ynsanyýetiň älem giňişligini özleşdiriş taryhy bilen tanyşlygy dowam etdirdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info