«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy paýtagtymyzdaky Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirdi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasy we howa boýunça Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalaryň çäginde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky «Milli derejede kesgitlenen goşantlary (MDKG 3.0) täzelemek işine goldaw bermek» taslamasynyň tehniki taýdan ýardam bermeginde guralan bu çäre gelin-gyzlaryň kyrka golaýyny bir ýere jemledi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri çykyş edip, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde zenanlaryň aýratyn ornuny bellediler. Duşuşyga bilim, saglygy goraýyş we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ugurlarynda zähmet çekýän zenanlaryň hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy çäräniň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.
«Diýarymyzda zenanlaryň jemgyýetdäki orny hemişe üns merkezinde saklanylýar. Tebigat bilen zenan — durmuşyň we gözelligiň bitewi çeşmesidir. Guramamyzyň esasy maksady şeýle sazlaşygy ýaş nesilleriň aňynda berkidip, olarda tebigata bolan aýawly garaýşy kemala getirmekden ybaratdyr» — diýip, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy Leýli Şyhmedowa belläp geçdi.
BMGÖM-niň hünärmenleri hem-de ýaş ekologiýa meýletinçileri howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara derejesindäki wezipeler hem-de bu ugurda durmuşa geçirilýän taslamalar boýunça özara tejribe alyşdylar. Çäräniň dowamynda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň agzalary hünärmenler bilen gyzykly söhbetdeşlik guramak bilen, özlerini gyzyklandyrýan sowallara anyk jogaplary aldylar. Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylara gurama tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bu döredijilik duşuşygy ýaş gelin-gyzlaryň ekologiýa başlangyçlaryny goldamaklary we tejribe alyşmaklary üçin netijeli meýdança öwrüldi.