Paýtagtymyzda türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilişine bagyşlanan ylmy maslahat guraldy

MilliInfo

1 sagat öň

Paýtagtymyzda türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilişine bagyşlanan ylmy maslahat guraldy

23-nji oktýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly VI halkara ylmy maslahat geçirildi. Diýarymyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralan maslahata ýurdumyzyň ussat itşynaslary, kinologlary, hünärmenler, uniwersitetiň professor-mugallymlary, kinologiýa hünärinde okap bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiň medeniýet merkezinde guralan, halkymyzyň milli buýsanjy bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan sarpanyň belentdigini görkezýän milli gymmatlyklarymyzyň, sungat eserleriniň hem-de kitaplaryň sergisini synladylar. Sergide alabaýlary ösdürip ýetişdirmegiň we kinologiýanyň dürli meselelerine bagyşlanan okuw kitaplary, şol sanda weterinariýa boýunça edebiýatlar, alabaýlary wasp edýän şekillendiriş sungatynyň eserleri görkezildi. Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlar hem ýerine ýetirildi.

Maslahatda çykyş edenler asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen alabaýlaryň häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli üns-aladalary netijesinde umumadamzat mirasyna öwrülendigini bellediler. Alabaýlar tutuş dünýäde meşhurlyk gazanyp, iň gadymy hem-de naýbaşy tohumlaryň biri hasaplanýar. Alabaýlar hem, ahalteke bedewleridir nepis halylar ýaly, halkymyzyň buýsanjy we şöhratydyr, milli gymmatlygydyr.

Çykyş edenler türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny artdyrmakda soňky ýyllarda bolup geçen wakalaryň ähmiýetini bellediler. Alabaý itlerini goramagyň hukuk esaslary kämilleşdirilip, «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri geçen ýyl ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlar döredilip, bu ugurda iş alyp barýan kinologlaryň we ussat itşynaslaryň zähmeti döwlet derejesinde sarpalanýar.

Döredijilik eserlerinde, amaly-haşam, şekillendiriş sungatynda türkmen alabaýynyň çeper keşbi hakynda aýdylanlar, beýan edilen gymmatly taryhy maglumatlar hem örän täsirli boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info