29-30-njy sentýabrda Aşgabat şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisi geçirildi.
Mejlisde türkmen tarapyna maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulоw, wenger tarapyna bolsa Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Gündogar gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Adam Ştifter ýolbaşçylyk etdi.
Nobatdaky mejlisiň gün tertibine döwletara gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça meseleleriň giň toplumy, şol sanda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini kesgitlenmek meseleleri girizildi.
Mejlisiň dowamynda oba hojalygy we azyk senagaty, suw serişdelerini dolandyrmak we daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş we derman senagaty ýaly däp bolan giň gerimli ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda ylym we bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça hem pikir alşyldy.
Toparyň agzalary hökümetleriň arasynda maýa goýumlary höweslendirmek we özara goldamak baradaky Ylalaşygyň mümkin bolan çalt wagtda gol çekilmeginiň möhümdigini aýratyn nygtadylar. Iki ýurduň wekilleri yzygiderli duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça altynjy mejlisiň Teswirnamasyna gol çekildi. Taraplar toparyň ýedinji mejlisini Budapeşt şäherinde geçirmek barada ylalaşdylar.

