«Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi ugrunda» taslamasynyň Utgaşdyryjy komitetiniň üçünji mejlisi geçirildi

MilliInfo

22 Ýanwar, 2026

Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024 – 2029-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň Utgaşdyryjy komitetiniň üçünji mejlisi geçirildi.  

Ýewropa Bileleşiginiň «Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024–2029-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasy «Ýaşyl Merkezi Aziýa II» maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ol Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýär. Taslama Merkezi Aziýada suw, energiýa we howanyň üýtgemegi boýunça «Team Europe» sebit başlangyjyny doldurmak bilen, «EU Global Gateway» global ugrunyň bir bölegi hökmünde çykyş edýär.  

Bu taslama halkara öňdebaryjy tejribeleri we ÝB-niň standartlaryny ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanyň durnukly «ýaşyl» ösüşine ýardam bermäge gönükdirilendir. Şunda esasy üns ÝB bilen Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, bilermenleriň tejribe alyşmagyna we hünärmenleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Taslamanyň amaly bölegi howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça netijeli çäreleri görkezýän iki synag taslamasyny durmuşa geçirmegi öz içine alýar.  

Utgaşdyryjy komitetiň 3-nji mejlisiniň esasy maksady 2025-nji ýylda taslamanyň amala aşyrylmagynyň netijelerine seretmekden, 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmakdan we kabul etmekden hem-de ýyllyk býujeti tassyklamakdan ybarat boldy. Synag taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine: zeýkeş suwlaryny arassalamak üçin gün energiýasyny we biousullary ulanmaga, şeýle hem metanyň zyňyndylaryny azaltmak üçin LDAR tehnologiýalaryny peýdalanmaga aýratyn üns berildi.  

Utgaşdyryjy komitetiň mejlisine Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleri we edaralary tarapyndan bellenen ygtyýarly wekiller, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky we Gazagystandaky wekilhanasynyň, Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň esasy netijesi Ýewropa Bileleşigi tarapyndan taslamanyň işini giňeltmek üçin goşmaça 2 million ýewro möçberinde serişde bölünip beriljekdigi baradaky habar boldy. Taslamanyň üstünlikli başlanmagy we durmuşa geçirilmeginiň ýokary netijeliligi esasynda kabul edilen bu çözgüt hyzmatdaşlaryň arasyndaky ýokary ynamy we Türkmenistan bilen howanyň üýtgemegi boýunça göreşmek hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga bolan umumy ygrarlylygy görkezýär.  

«Şu günki mejlis biziň hyzmatdaşlygymyzyň meýilleşdiriş tapgyryndan işjeň durmuşa geçirme bölegine geçendigini tassyklaýar. Taslamanyň ösüşiniň oňyn depgini ÝB-den 2 million ýewro möçberinde goşmaça maliýe serişdelerini çekmäge mümkinçilik berdi, bu bolsa biziň mümkinçiliklerimizi ep-esli güýçlendirýär. Biz 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny düzdük, ol anyk synag taslamalary we bilermenleriň mümkinçiliklerini berkitmek arkaly öňdebaryjy halkara tejribesini we standartlaryny Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi barada strategiýasyna has-da netijeli ornaşdyrmaga mümkinçilik berer» — diýip, GIZ maksatnamasynyň ýolbaşçysy Dr. Karolina Milow belledi.  

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info