Aşgabat şäherinde Türkmenistanda «Bitewi saglyk» çemeleşmesini ornaşdyrmak boýunça pudagara utgaşdyryjy komitetiniň üçünji mejlisi geçirildi. Bu çäräni Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýurdumyzdaky edarasy hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Sanitar-epidemiologiýa gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi hyzmatdaşlykda gurady.
Mejlise ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Oba hojalyk ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Adalat ministrliginiň wekilleri gatnaşdy. Çärä gatnaşyjylar «Merkezi Aziýada «Bitewi saglyk» başlangyjynyň çäklerinde amala aşyrylýan pandemiýalaryň öňüni almak, olara taýýarlyk görmek we jogap bermek» taslamasynyň durmuşa geçirilişini giňişleýin bahalandyrdylar.
Ara alyp maslahatlaşmalarda «Bitewi saglyk» çemeleşmesini adamlaryň we haýwanlaryň saglygyny, şeýle-de daşky gurşawy goramak ugurlarynda ornaşdyrmak meselelerine seredildi. Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň geljekde ýüze çykyp biljek pandemiýalara taýýarlygyny has-da güýçlendirmek üçin ileri tutulýan strategiki ugurlary kesgitlediler we bilelikdäki çäreleri teklip etdiler.
Bu başlangyç adam, haýwan we daşky gurşaw boýunça özara täsir sazlaşygynda saglyk meselelerini çözmek üçin dürli ugurlaryň utgaşykly tagallalaryny talap edýän «Bitewi saglyk» konsepsiýasyna Türkmenistanyň üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklaýar.