Aşgabat şäherinde ýerleşýän Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Ýeňiş güni we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Azerbaýjanyň hem Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsert geçirildi.
Çärede çykyş eden Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow Döwlet baýdagynyň Azerbaýjanyň garaşsyzlygynyň, milli özboluşlylygynyň we özygtyýarlylygynyň nyşanydygyny belledi.
Ilçi azerbaýjan we türkmen halklaryny birleşdirýän umumy taryhyň, medeniýetiň, diliň we ruhy gymmatlyklaryň döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň berk binýadyny emele getirýändigini aýtdy.
Çykyşda soňky ýyllarda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ýokary derejedäki özara saparlaryň, syýasy dialogyň, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňelmeginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze tapgyra çykarandygy bellenildi. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn ünsi çekmek bilen, ilçi 2025-nji ýylda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, 2026-njy ýylyň iýun aýynda bolsa Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň özara medeni alyş-çalyşlara möhüm goşant goşandygyny nygtady.
Dabarada Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow hem çykyş edip, Azerbaýjan halkyny möhüm seneler bilen gutlady hem-de ýurtlaryň arasyndaky doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi barada pikirlerini beýan etdi.
Konsert maksatnamasynyň çäklerinde Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halk artistleriniň, at gazanan artistleriniň, şeýle hem tanymal sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde iki halkyň baý saz mirasyny şöhlelendirýän halk we kompozitor aýdymlary, nusgawy saz eserleri hem-de instrumental sazlar ýaňlandy. Maksatnamada Üzeýir Hajybeýliniň, Gara Garaýewiň, Tofik Kuliýewiň, Fikret Amirowyň we Azerbaýjanyň beýleki görnükli kompozitorlarynyň eserleri, şeýle hem azerbaýjan halk aýdymlary ýerine ýetirildi. Azerbaýjanyň at gazanan artisti Ilaha Efendiýewa we at gazanan mugallymy Zülfiýa Sadigowa türkmen sazandalary bilen bilelikde çykyş etdiler. Saz eserleri Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirildi. Konsertiň çäklerinde «Baku tangosy» eseriniň ilkinji gezek ýerine ýetirilişi hem boldy.
Çärä Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Aşbatda saparda bolan Türkiýe Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň Gury ýer goşunlarynyň serkerdebaşysy, goşun generaly Metin Tokel, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri we Türkmenistanda ýaşaýan azerbaýjanlylar gatnaşdylar.
