Aşgabatda zenanlaryň saglygy boýunça halkara forum geçirildi

MilliInfo

12 Oktýabr, 2026

Aşgabatda zenanlaryň saglygy boýunça halkara forum geçirildi

11-nji oktýabrda Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde «Ilkinji APW testirleme – Skriningde iň oňat hil» atly halkara forumy geçirildi. Forum Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA), Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesiniň öňüni almak boýunça Sebitleýin Alýansyň agzalarynyň we hyzmatdaşlarynyň, şeýle hem milli hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda guraldy. Çärä döwlet edaralarynyň, lukmançylyk jemgyýetiniň wekilleri, halkara bilermenler we beýleki gyzyklanýan taraplar gatnaşdylar.

Foruma gatnaşyjylar ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesiniň öňüni almak boýunça strategiýalary, milli skrining maksatnamalaryna ilkinji APW testirleme usulynyň ornaşdyrylmagyny hem-de Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tejribesini ara alyp maslahatlaşdylar. APW-a garşy sanjym, şol sanda Türkmenistanda bir gezeklik immunizasiýa tertibine geçmek, anyklaýyş we bejeriş boýunça döwrebap çemeleşmeler, şeýle hem rak keselini anyklamakda emeli aň ulanmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Forumyň çäklerinde döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we Sebitleýin Alýansyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Rak keselsiz gelejek» atly tegelek stol hem geçirildi. Oňa gatnaşyjylar yzygiderli skrining barlaglarynyň ähmiýeti barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak, APW bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almak, sanjymlara bolan ynamy berkitmek we zenanlaryň barlaglardan geçmek mümkinçiligini giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

UNFPA ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesiniň skrining maksatnamasyny kämilleşdirmekde milli hyzmatdaşlara tehniki goldaw berýär we Türkmenistanyň hünärmenleri bilen halkara bilermenleriň arasynda tejribe alyşmaga ýardam edýär. Bu işler keseliň öňüni almak we irki anyklamak boýunça milli mümkinçilikleri berkitmäge, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesini aradan aýyrmak baradaky ählumumy maksada ýetmäge goşant goşýar.

UNFPA, BMG-niň beýleki edaralary, şol sanda UNDP, UNICEF we BSSG bilen birlikde ylmy maslahaty bilen bir hatarda geçirilen halkara sergisine gatnaşyp, saglyk we abadançylyk ulgamynda Durnukly ösüş maksatlaryna ygrarlylygyny görkezdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info