Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni hem-de Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri mynasybetli Aşgabat şäherinde resmi kabul edişlik geçirildi. Çärä Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, iki ýurduň medeniýet we jemgyýetçilik wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda ýaşaýan azerbaýjanlylar gatnaşdylar.
Iki döwletiň Döwlet senalary ýaňlanandan soň, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow çykyş etdi. Ol Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklara degip geçen ilçi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň umumy taryha, dile, etniki we medeni ýakynlyga, şeýle hem umumy köklere esaslanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanlarynyň syýasy erkiniň netijesinde Azerbaýjan — Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy.
Medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada durup geçen ilçi 2025-nji ýylda Baku we Genje şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini, häzirki wagtda bolsa Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjan Medeniýet günleriniň guralýandygyny belledi.
Gismat Gozalow türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjidiň gurulmagyny iki halkyň arasyndaky doganlyk we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany hökmünde häsiýetlendirdi.
Çärä hormatly myhman hökmünde gatnaşan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Bilelikdäki Hökümetara toparyň türkmen tarapyndan başlygy Nökerguly Atagulyýew çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tüýs ýürekden gutlaglaryny Azerbaýjan tarapyna ýetirdi hem-de dostlukly halka abadançylyk, ösüş we üstünlik arzuw etdi.
Ol döwlet Baştutanlarynyň arasynda ýola goýlan ýokary derejeli dialogyň Azerbaýjan — Türkmenistan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine güýçli itergi berýändigini belledi. Halklarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň çuň taryhy köklere daýanýandygyny nygtap, syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňelýändigini aýtdy.
Resmi kabul edişlik medeni maksatnama bilen dowam etdi. Azerbaýjanyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde halk hem-de kompozitor aýdymlary ýaňlandy. Şeýle hem myhmanlara Azerbaýjan halkynyň baý medeni mirasyny we folklor däplerini şöhlelendirýän milli tans çykyşlary hödürlenildi.
Çäräniň dowamynda ekranyň üsti bilen Azerbaýjanyň taryhyna, baý medeniýetine we häzirki zaman ösüşlerine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Myhmanlara milli aşhananyň dürli tagamlary, süýjülikler hem-de milli içgiler hödür edildi.
Şeýle-de çärä gatnaşyjylar türkmen-azerbaýjan dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşini şöhlelendirýän fotosergi bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, ýörite sergi bölüminde «Made in Azerbaijan» haryt nyşany bilen öndürilen önümler, şol sanda «Azərçay» önümleri hem-de milli kelagaýy sungatynyň nusgalary görkezildi.