Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti guraldy

MilliInfo

13 Dekabr, 2025

Paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilen halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen bilelikde gatnaşdy.

Milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän şanly senäniň hormatyna guralan dabaralar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreleriň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi. Belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlar ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny wasp etdi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň, folklor toparlarynyň, teatr artistleriniň taýýarlan baýramçylyk konserti oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Onda milli aýdym-sazlaryň daşary ýurt aýdymlary bilen utgaşykly ýaňlanmagy tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Baýramçylyk konsertinde Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine, Kerim Berdimuhamedowyň sazyna döredilen «Ak şäherim Aşgabat» atly aýdymyň ýaňlanmagy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan konsertiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Joşgunly aýdym ýurdumyzyň belli tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy. Aýdym-sazly çykyşlaryň ajaýyp sahnadaky monitorlarda görkezilýän şekiller bilen utgaşmagy onuň mazmun taýdan baýlaşmagyny üpjün etdi.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda gazanylýan ösüşleriň aýdyň nyşanyny özünde jemlemek bilen, köpöwüşginli häsiýete eýe boldy. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebit we halkara derejede parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde wajyp gural hökmünde ykrar edildi. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyny äşgär edýär.

Estrada aýdymçylarynyň, teatr artistleriniň, tans we folklor toparlarynyň sazlaşykly çykyşlarynyň dabara özboluşly öwüşgin çaýandygyny bellemek gerek. Çykyşlarda halkymyzyň bähbidine amala aşyrylýan işler, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşleri, ähli ugurlar boýunça ýetilen sepgitler çeper beýan edildi.

Däp bolşy ýaly, şanly senäniň hormatyna guralan konsertde küştdepdi tansy ýerine ýetirildi. Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly joşgunly aýdym baýramçylyk konsertiniň jemlenmesine öwrüldi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli baýramçylygyň hormatyna guralan konsert ýakymly pursatlara baý boldy.

Ak mermerli Aşgabadyň nurana agşamlarynda asuda asmany ýagtylandyran älemgoşar öwüşginli feýerwerk giňden ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralaryny jemledi. Asman giňişliginde emele gelen şekiller halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, ýurdumyzyň abadançylygyny, uly dabaralara beslenen şanly senäni äşgär eden görnüşlere beslendi.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info