Ussatlyk sapaklary we açyk türgenleşikler: Aşgabatda basketbol baýramçylygy guraldy

MilliInfo

10 Noýabr, 2025

Düýn — 9-njy noýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynyň basketbol arenasynda Halkara Basketbol federasiýasynyň «Onuň dünýäsi — Onuň düzgüni» maksatnamasynyň çäklerinde sportuň şu görnüşinden ussatlyk sapaklary hem-de açyk türgenleşikler ýaýbaňlandyryldy.   

Maksatnamanyň ilçisiniň hem-de alypbaryjysynyň basketbol boýunça halkara derejeli sport ussady Nigýar Nagiýewanyň bolmagy ýetginjekler üçin sportuň ajaýyp görnüşine çagyryşdyr. Çünki ol 2017-nji ýylyň V Aziýa oýunlarynyň bürünç medalçysydyr. 2013-nji ýylda Kataryň Doha şäherinde geçen 3x3 basketbol boýunça birinji Aziýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi hem-de şol ýurduň «Dream Team» toparynda Aziýanyň iň gowy oýunçysy boldy.

 Ussatlyk sapaklary hem-de açyk türgenleşikler ýaşlarda ýatdan çykmajak täsirleri döretdi. Çärä dürli ýaş derejelerindäki çagalar gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda 7—12 ýaş aralygyndaky gyzjagazlar hem bar.

Maksatnamanyň jemlenmegi bilen 14 ýaşa çenli gyzjagazlaryň arasyndaky çagalar-ýetginjekler ligasynda «Ýyldyz» hem-de «Belent» toparlary bäsleşdi. 16 ýaşa çenli ýetginjek gyzlaryň duşuşygynda «Belent» we «Ak Şäher» toparlary çykyş etdi.

Garaz, ýetginjekler topy torly halka oklamak boýunça başarnyklaryny görkezdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info