13-nji awgustda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirogyň diplomatik işiniň möhletiniň tamamlanmagy mynasybetli hoşlaşyk kabul edişligi geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we türk diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkiýäniň doly ygtyýarly wekili myhmanlaryň öňünde hoşlaşyk sözi bilen çykyş edip, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň aýratyn, doganlyk häsiýetini nygtady.
«Her bir daşary ýurt iş sapary öz yzyny galdyrýar, emma Türkmenistan menin üçin aýratyn orun aldy. Sebäbi Türkmenistan — biziň taryhy Watanymyz. Müň ýyl ozal ata-babalarymyz bu ýerden Anatoliýa atly gidipdirler, biz bolsa ata Watanymyza uçar bilen dolanyp geldik. Biziň umumy taryhymyz, dilimiz, däp-dessurlarymyz we gymmatlyklarymyz adaty diplomatiýanyň çäklerinden has ýokary bolan baglanşygy emele getirýär» diýip, diplomat belledi.
Ahmet Demirok ykdysady, medeni-ynsanperwer we bilim ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüş depginine, şeýle hem Türkmenistandaky giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine türk kompaniýalarynyň goşýan goşandyna ýokary baha berdi.
Diplomat Aşgabatda işlän döwrüniň dowamyndaky netijeli hyzmatdaşlyk üçin türkmen daşary syýasat edarasynyň agzybir işgärlerine we hut Daşary işler ministri Raşid Meredowa sagbolsun aýtdy.
Türk diplomaty türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna berýän hemmetaraplaýyn goldawlary üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.
