Paýtagtymyzda diplomatik wekilhanalaryň agzalarynyň küşt ýaryşy geçirildi

MilliInfo

20 sagat öň

Paýtagtymyzda diplomatik wekilhanalaryň agzalarynyň küşt ýaryşy geçirildi

Türkmenistandaky Fransuz institutynda ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň arasynda küşt ýaryşy geçirildi. Halkara küşt gününe bagyşlanan çäräni Türkmenistanyň Küşt federasiýasy ýurdumyzdaky Fransuz instituty bilen bilelikde gurady.

Ýaryş diplomatik jemgyýetçiligiň küşt muşdaklaryny birleşdirip, aň-paýhas bäsleşigi, dostlukly hyzmatdaşlyk we resmi däl ýagdaýda halkara gatnaşyklaryny berkitmek üçin özboluşly meýdança öwrüldi.

Çäräniň açylyşynda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew we Türkmenistandaky Fransuz institutynyň direktory Winsent Lorensini gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Resmi açylyşdan soň ýaryşyň düzgünleri we tertibi gatnaşyjylara ýetirildi. Ýaryşyň ilkinji simwoliki göçümini Winsent Lorensini, Wepa Mälikgulyýew, ýaryşyň baş hemaýatçysy bolan «Resmi Kepil» ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň wekili, şeýle hem bu ýaryşa tomaşaçy hökmünde gatnaşan Täjigistanyň ilçisi Wafo Alibek Niýatbekzoda amala aşyrdylar.

Bäsleşik şweýsar ulgamy boýunça blis usulynda geçirilip, ol 7 tapgyrdan ybarat boldy. Wagt kadasy her göçüm üçin goşmaça 3 sekundy bilen, jemi 7 minut bellendi. FIDE-niň emini Mergen Kakabaýew ýaryşyň baş emini hökmünde çykyş etdi, oňa milli derejeli emin Ogulsuraý Baýrambaýewa ýardam etdi.

Ýedi tapgyryň netijeleri boýunça mümkin bolan 7 utugyň ählisini toplan BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) wekili Rahman Saparbaýew ýaryşyň ýeňijisi boldy.

Germaniýanyň ilçihanasynyň wekili Folker Başe 6 utuk bilen ikinji orny eýeledi. Bürünç medala bolsa 5 utuk toplan Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň wekili Maýkl Finn mynasyp boldy.

Sylaglaýyş dabarasynda ýörite baýraklar hem gowşuryldy. Zenanlaryň arasynda Elina Larina (BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi — UNRCCA) iň gowy oýunçy diýlip yglan edildi.

Şeýle hem, ýaryşyň iň ýaş gatnaşyjysy, Täjigistanyň ilçihanasynyň adyndan çykyş eden 11 ýaşly Komron Niýatbekowa hem sylaglandy.

Bu ýaryş Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Fransuz institutynyň meýdançasyndaky küşt klubynyň duşuşyklar möwsüminiň tamamlanmagynyň özboluşly simwolyna öwrüldi. Şeýlelikde, tomusky dynç alyş möwsümi bilen baglylykda, iýul aýyndan sentýabryň ortasyna çenli institutyň ähli bilim bölümleriniň, şol sanda küşt klubynyň işi wagtlaýyn togtadylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info