Aşgabatda ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik boldy

MilliInfo
Aşgabatda ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik boldy

2-nji iýulda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň, işewürlik we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan hormatly myhman hökmünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy.

Kabul edişligiň resmi bölegi ABŞ-nyň ilçihanasynyň deňiz pyýada goşunlary tarapyndan döwlet baýdaklarynyň dabaraly getirilmegi bilen başlandy, soňra bolsa iki ýurduň döwlet senalary ýaňlandy. Mundan soň, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud dabarada gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Ilçi öz çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn dostlugy berkitmekdäki şahsy goşantlary we yzygiderli goldawlary üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

— Men Türkmenistanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna wekilçilik edýändigim bilen buýsanýaryn. Umumy gymmatlyklarymyzy we döwletlerimiziň abadançylygyny ösdürmek ugrunda bu ýurduň hökümeti we halky bilen işleşmek menin üçin uly mertebedir — diýip, hanym Rud belledi.

Ilçi geçen ýylyň dowamynda amerikan-türkmen hyzmatdaşlygynyň okgunly ösendigini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Waşingtona sapary we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşygy, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Florida ştatyna sapary möhüm wakalar hökmünde bellenildi. Mundan başga-da, Trampyň administrasiýasynyň birnäçe ýokary wezipeli wekilleri Türkmenistana sapar bilen geldiler. Ýokary derejedäki bu aragatnaşyklar hem-de özara tejribe alyşmak maksatnamalary gatnaşyklaryň hil taýdan berkeýändigini görkezýär. Häzirki wagtda taraplar söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, bilim we medeni hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, şeýle hem sebit we global howpsuzlyk meselelerini çözmek boýunça bilelikde iş alyp barýarlar.

Türkmen tarapynyň adyndan çykyş eden daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berýändigini we global, sebit hem-de ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy döwletara gepleşikleriň syýasat, ykdysadyýet, bilim we medeniýet ýaly giň ugurlary öz içine alýandygyny belledi. BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Raşid Meredow amerikan tarapynyň Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynda öňe sürýän halkara başlangyçlaryny we Kararnamalaryny yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem 2015-nji ýylyň noýabr aýynda döredileninden bäri ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we sebit howpsuzlygyny berkitmek maksatlaryna netijeli hyzmat edýän «Merkezi Aziýa — ABŞ» (C5+1) köptaraplaýyn formatyndaky işjeň hyzmatdaşlyk bellenilip geçildi.

— Şu ýyl biz ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 34 ýyllygyny belledik. Geçen ýyllaryň dowamynda döredilen ikitaraplaýyn gurallar, hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň arasyndaky her ýylky syýasy geňeşmeler özüniň ýokary netijeliligini yzygiderli subut edýär — diýip, Raşid Meredow nygtady.

Söwda-ykdysady ugra degip geçmek bilen, ministr «John Deere», «Case», «Caterpillar», «General Electric», «Boeing», «Visa», «Sikorsky» we beýleki öňdebaryjy amerikan kompaniýalary bilen köp ýyllyk şowly hyzmatdaşlygy aýratyn belledi. Ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň kuwwatynyň hyzmatdaşlygy has ýokary derejelere çykarmak üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.

DIM-niň ýolbaşçysy ABŞ-nyň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçileriň gaznasy» (AFCP) maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylan köp sanly taslamalaryň netijeliligini belläp, häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümetiniň amerikan diplomatik wekilhanasy tarapyndan durmuşa geçirilýän 16 sany bilim maksatnamasyna işjeň gatnaşýandygyny aýtdy.

Raşid Meredow çykyşynyň ahyrynda ilçi Elizabet Ruda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşine goşan uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Dostlugyň, çuňňur hormatyň we parahat, gülläp ösýän geljege ygrarlylygyň nyşany hökmünde amerikan tarapy türkmen hyzmatdaşlaryna simwoliki sowgat — ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň meşhur «Old Ironsides» («Garry Aýronsaýds») ady bilen tanalýan üç sütünli agaç fregatynyň maketini gowşurdy.

Kabul edişligiň resmi bölegi baýramçylyk maksatnamasyna geçdi. Myhmanlar üçin ABŞ-nyň taryhyna we medeniýetine aralaşmaga mümkinçilik berýän tematiki fotozonalar guraldy, şeýle hem amerikan aşhanasynyň milli tagamlary hödürlendi. Agşamyň saz bezegi hökmünde bolsa «Ashga-Brass» toparynyň çykyşy ýaňlandy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info