Paýtagtymyzda Türk aşhanasynyň hepdeligi mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi

MilliInfo

14 sagat öň

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň rezidensiýasynda Türk aşhanasynyň hepdeliginiň açylmagyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik guraldy. 21-nji maýda geçirilen bu çäre köp sanly myhmanlary — ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylaryny we wekillerini, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistlerini, şeýle hem giň jemgyýetçiligi bir ýere jemledi.

Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok özüniň gutlag sözünde bu giň gerimli halkara aksiýanyň esasy maksadynyň dünýä jemgyýetçiligini Türkiýäniň iň baý gastronomik mirasy we medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdygyny belledi.

Diplomat milli aşhananyň özboluşly aýratynlyklaryna, şol sanda asyrlarboýy dowam edýän aşhana däplerine hem-de önümleri taýýarlamagyň we saklamagyň sagdyn, ekologik taýdan arassa usullaryna aýratyn ünsi çekdi.

Agşamyň resmi bölegi gastronomik tanyşdyrylyşa syrygyp gitdi. Myhmanlara doganlyk türk halkynyň myhmansöýerligini aýdyň görkezýän adaty türk tagamlary we süýjülikleri hödürlendi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info