Türkmenistanyň paýtagtynda Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow, diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de ýerli ermeni diasporasynyň agzalary gatnaşdylar.
Çäräni açan Ermenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan myhmanlary mähirli mübäreklep, Ýerewanyň deňhukuklylyk we özara hormat goýmak esasynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady. Diplomat işjeň syýasy gepleşiklere aýratyn ünsi çekip, Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň golaýda Aşgabada amala aşyran saparlaryny ýatlady. Ol geçirilen gepleşikleriň hem-de bilelikdäki Hökümetara toparyň mejlisiniň ykdysadyýet, energetika, ulag, bilim we medeniýet ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça ädimleri jikme-jik işlemäge mümkinçilik berendigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyndan resmi gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol iň gowy arzuwlary beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ermenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy berkitmäge hemişe uly ähmiýet berýändiklerini nygtady.
Wise-premýer BMG-niň meýdançasynda döwletleriň biri-birine özara goldaw bermeginiň ähmiýetini we söwda-haryt dolanyşygynyň oňyn ösüş depginini belledi. Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistan bilen Ermenistan senagat pudagynda, obasenagat toplumynda, syýahatçylykda, ylym ulgamynda we saglygy goraýyşda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir.
