Paýtagtyň «Daşkent» seýilgähinde diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň, hökümet agzalarynyň we şäheriň ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda dabaraly kabul edişlik we medeni maksatnama geçirildi.
Medeniýet we dynç alyş seýilgähiniň myhmanlary milli üflenip çalynýan we urulýan saz gurallaryň — kernaýyň we depregiň (doýranyň) däp bolan owazy bilen garşylanyldy. Baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde milli lybaslaryň nusgalarynyň, haly önümleriniň, nagyşly keramiki gap-gaçlaryň, şeýle hem häzirki zaman Özbegistan baradaky neşirleriň sergisi guraldy.
Çäräniň resmi bölegi iki ýurduň Döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen açyldy. Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow öz çykyşynda Garaşsyzlyk gününiň özygtyýarlylygy we hoşniýetli goňşuçylygy alamatlandyrýan esasy döwlet baýramydygyny nygtady. Diplomat, şeýle hem Prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri belläp geçdi we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandygyna aýratyn ünsi çekdi.
Çärä gatnaşan wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we tutuş Türkmenistanyň halkynyň adyndan gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol gutlaglary ýetirmek bilen, ikitaraplaýyn söwdanyň durnukly ösmegini şowly hyzmatdaşlygyň esasy görkezijisi hökmünde häsiýetlendirdi we sebitiň dünýä bazarlaryna çykmagy üçin bilelikdäki ulag-logistika taslamalaryny amala aşyrmagyň strategik ähmiýetine ünsi çekdi.
Baýramçylyk agşamy resmi bolmadyk ýagdaýda, myhmanlara däp bolan özbek palawynyň hödür-kerem edilmegi we sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky ajaýyp konsert maksatnamasy bilen dowam etdi.
