Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin «Çipollino» atly maşgala sazly maksatnamasynyň goşmaça seansy guraldy. Tomaşaçylaryň köp sanly haýyşlary boýunça tanymal pianinoçy we maestro Wladimir Mkrtumow ýaş saz muşdaklaryna hem-de olaryň ene-atalaryna interaktiw erteki çykyşyny ýene-de bir gezek hödürlär.
Maksatnamanyň özenini Janni Rodariniň meşhur eseri düzüp, ol Karen Haçaturýanyň baletinden joşgunly we şadyýan sazlaryň üsti bilen janlandyrylýar. Bu sahna oýny maşgala bolup tomaşa etmäge niýetlenendir hem-de çagalar üçin-de, ulular üçin hem deň derejede gyzykly bolar.
Senesi: 2026-njy ýylyň 25-nji oktýabry
Geçiriljek ýeri: «Aşgabat» seýilgähiniň Medeniýet merkeziniň konsert zaly (Birinji park)
Guramaçylar tomaşa zalyndaky orunlaryň sanynyň çäklidigini ýatladýarlar, şol sebäpli hem, petekleri öňünden sargyt etmek (bronlamak) maslahat berilýär.
Maglumat almak we petek sargyt etmek üçin:
+993 63 508877
+993 64 037456
+993 63 467177
