Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly geçirilýär: kinolaryň görkezilişi mugt bolar

MilliInfo

2 sagat öň

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly geçirilýär: kinolaryň görkezilişi mugt bolar

Hindistanyň ilçihanasy 14—16-njy awgust aralygynda Aşgabatda hindi filmleriniň festiwalyny geçirer. Kino görkezilişleri hindi diasporasynyň wekilleri hem-de isleg bildirýänleriň ählisi üçin açykdyr.

Festiwal Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň 115-nji jaýynda ýerleşýän kinoteatrda geçiriler. Üç günüň dowamynda tomaşaçylar hindi kinematografiýasynyň dürli ýyllarda surata düşürilen meşhur filmlerine tomaşa edip bilerler.

Festiwalyň maksatnamasy:

  • 14-nji awgust (anna), sagat 17:00 — «Dangal» atly sport dramasy (2016 ý.);

  • 15-nji awgust (şenbe), sagat 17:00 — «Ogrulanmadyk gelinlik» atly romantik komediýasy (1995 ý.);

  • 16-nji awgust (ýekşenbe), sagat 11:00 — «Hindistan, öňe!» sport dramasy (2007 ý.).

Ähli kino seanslaryna giriş mugt!

Tomaşaçylar görkezilişlere öňünden hasaba durmazdan, nobat boýunça girip bilerler.

Festiwal Hindistanyň baý medeniýetini, däp-dessurlaryny we döwrebap gymmatlyklaryny şöhlelendirýän hindi kinosynyň iň görnükli nusgalary bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döreder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info