Paýtagtymyzda Moris Raweliň 150 ýyllygyna bagyşlanan «Bolero» konserti guralar

MilliInfo

10 sagat öň

18-nji noýabrda paýtagtymyzda Ýewropanyň medeniýet günleriniň çäklerinde Fransiýanyň beýik kompozitory Moris Raweliň 150 ýyllygyna bagyşlanan konsert guralar.

Meşhur kompozitor Moris Raweliň «Bolero» konsertinde ýaňlanjak gaýtalanmajak eserler Resul Gylyjowyň çeper ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri we Wladimir Mkrtumov tarapyndan ýerine ýetiriler.

«Bouygues Türkmen» kompaniýasynyň goldawy bilen ýaýbaňlandyryljak maksatnama Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatynda geçiriler. Konsert 19:00-da başlanar.

Konserte giriş tölegsiz bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo