23-nji oktýabrda sagat 19:00-da Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynda Gaziza Žubanowa adyndaky Aktöbe oblast filarmoniýasynyň öňdebaryjy sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda «Dostluk ýoly» atly konsert bolar.
Agşamyň baý mazmunly döredijilik maksatnamasyna Ahmet Žubanow adyndaky Gazak halk saz gurallary orkestriniň, «Akku» tans toparynyň, şeýle hem «Dauys» wokal ansamblynyň çykyşlary giriziler.
Tomaşaçylara ýatdan çykmajak baý täsirler, milli sazyň özboluşly owazy hem-de iki doganlyk ýurduň medeni gatnaşyklarynyň ruhlandyryjy baýramçylyk gurşawy garaşýar.
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin bu medeni çärä giriş tölegsizdir.
