2–4-nji aprel aralygynda Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly halkara sergi geçiriler. Bu çäre dürli ýurtlardan işewürleri, maýa goýujylary we hünärmenleri bir ýere jemlär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de «Net Organization» türk kompaniýasy serginiň guramaçylary hökmünde çykyş edýärler.
Sergä 100-e golaý kompaniýanyň we halkara brendleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar Türkmenistanyň bazarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler. Sergi täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm meýdança bolar: oňa distribýutorlar, resmi wekiller, telekeçiler we işewür toparlaryň agzalary çagyrylýar.
Çäräniň esasy baş maksady halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, tejribe alyşmaga we maýa goýumlary çekmäge gönükdiriler. Gatnaşyjylar sanlylaşdyrma, «ýaşyl» tehnologiýalar, senagat we logistika ugurlarynda häzirki zaman çözgütlerini hödürlärler.
Serginiň geçirilmeginiň ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda we halkara işewürlik mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm ädim bolmagyna garaşylýar.
Salgysy: Aşgabat şäheri, Çandybil köçesi, 143
Hyzmatdaşlyk boýunça habarlaşmak üçin:
Tel.:
(+99312) 39 88 86
(+99365) 815205