2026-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkeziniň ajaýyp sahnasynda Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň täze ýyl konserti geçiriler.
Şunlukda, guramaçylar kino muşdaklary we saz söýüjiler üçin ajaýyp sowgat boljak ýörite maksatnamany taýýarladylar.
Konsertiň maksatnamasynda «Klon», «Santa-Barbara», «Brigada» we «Sprut» ýaly meşhur seriallardan ajaýyp sazlar ýaňlanar. Şeýle hem repertuara «Leýla», «Uzak Şehir», «Eşref we Rüýa», «Çukur» we «Kara Sewda» ýaly türk teleseriallarynyň sazlary giriziler.
Konsert sagat 18:00-da başlanýar.
Sowallar we petekleri öňünden sargyt etmek üçin telefon belgisi: +993 61 23 52 34.