Paýtagtymyzda Döwlet simfoniki orkestriniň Halkara zenanlar gününe bagyşlanan konserti geçiriler

MilliInfo

15 sagat öň

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Halkara zenanlar gününe bagyşlanan uly göwrümli baýramçylyk maksatnamasyny taýýarlaýar. Owazly agşamyň paýtagtymyzyň iň täsirli medeni wakalarynyň birine öwrülmegine garaşylýar.

Bahar klassikasy we dünýäniň meşhur nusgawy sazlary

Konsertiň maksatnamasy dünýä klassikasynyň naýbaşy eserlerinden hem-de bahar paslynyň täzelenişini, näzikligi we ylhamy özünde jemleýän kompozisiýalardan düzüldi. Guramaçylaryň belleýşi ýaly, repertuar dabaraly gurşawy döretmek we diňleýjilere ýatdan çykmajak duýgulary bagyşlamak maksady bilen, ýörite saýlanyp alyndy.

Dabaraly agşamyň çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory Türkmenistanyň at gazanan artisti Rasul Gylyjowdyr. Onuň ýolbaşçylygyndaky döredijilik topary ýokary ussatlygy we meşhur eserleri özboluşly öwüşgin bilen ýerine ýetirmek arkaly diňleýjileri yzygiderli begendirip gelýärler.

Tomaşaçylar üçin maglumat

Konsert 5-nji martda — penşenbe güni geçiriler. Maksatnamanyň 19:00-da başlanar.

Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatry.

Çärä gatnaşmak isleýänler üçin petekleriň satuwynyň açykdygyny ýatladýarys. Petekleri sargyt etmek boýunça goşmaça maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bilersiňiz:

26-69-17 / +993 (63) 46-71-77

51-41-57 / +993 (64) 03-74-56

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info