Aşgabatda raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler

MilliInfo

2 sagat öň

24-nji ýanwarda paýtagtymyz Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 12-nji ýanwardaky sanynda habar berildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Ka­bul ediş­lik Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ar­ça­bil şa­ýo­lunyň 150-nji jaýynda — Türkmenistanyň Ada­lat mi­nistr­li­gi­niň bi­na­syn­da geçirilýär. Jemgyýetçilik çäresi sa­gat 9:00-dan 12:00-a çen­li dowam eder.

Te­le­fon belgileri: 39-19-20, 39-19-21.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info