Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça jemgyýetçilik kabul edişligi guralar

MilliInfo

14 Awgust, 2025

16-njy awgustda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlary kabul etmek çäresi geçiriler.

Kabul edişlik Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturanyň, Ýokary kazyýetiň wekilleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň aklawjylar kollegiýasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçiriler.

Türkmenistanyň raýatlary hukuk goraýjy edaralaryň wekillerinden hem-de Adwokatlar kollegiýasynyň agzalaryndan tölegsiz ýagdaýda özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça maslahatlary alyp bilerler.

Kabul edişlik Adalat ministrliginiň binasynda (Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýy) 09:00-dan 12:00-a çenli geçiriler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-19-20; 39-19-21.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo