Aşgabatda «Disney», «Pixar» we «DreamWorks» studiýalarynyň ajaýyp multfilmleriniň owazlary janly ýaňlanar

MilliInfo

1 Iýun, 2026

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde geçiriljek «Disney & Pixar» atly konsert çagalar üçin ajaýyp sowgat bolar. Konsert 20-nji iýunda sagat 19:00-da Mukamlar köşgünde geçiriler.

Hakydaňyzda ebedi orun aljak eserleri ýerine ýetirjek orkestre Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjow dirižýorlyk eder. Şeýlelikde, bu ýerde dünýäniň millionlarça muşdaklarynyň söýgüsini gazanan meşhur animasiýa filmleriniň sazlaryndan we mukamlaryndan ybarat bolan maksatnama hödürlener.

​«Patyşa ýolbars» («Король Лев), «Kokonyň syry» («Тайна Коко), «Kung-fu panda», «Eldoradonyň ýoly» («Дорога на Эльдорадо), «Ratatuý», «Doňan ýürek» (Холодное сердце), «Enkanto» (Энканто), «Moana», «Madagaskar» ýaly ajaýyp multfilmleriň sazlary kalbyňyza joşgun eçilip, göwnüňizi galkyndyrar.

​Petekler üçin telefon belgileri: 72-45-12, (+993) 63-46-71-77, 26-69-17, 51-41-57,(+993) 64-03-74-56.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info