11-nji aprelde paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk seýilgähi sagdyn durmuş ýörelgesini söýýänleriň ählisi üçin özüne çekiji mekana öwrüler. Bu ýerde Ýewropa güni mynasybetli «Dostluk ganatlary» (Wings of Friendship Run) atly köpçülikleýin ylgaw bäsleşigi geçiriler. Oňa isleg bildirýänleriň her biri biler.
Giň gerimli sport baýramçylygy hem tejribeli ylgawçylary, hem ertirini dostlarynyň, maşgalasynyň we pikirdeşleriniň arasynda işjeň başlamak isleýänleri birleşdirer.
Ylgaw bäsleşigi Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde guralýar. Ýaryşa «Run-Rush» ylgawçylar jemgyýeti goldaw berýär.
Gatnaşyjylara öz ukyplaryna we isleglerine görä birnäçe aralyk — inklýuziw, şeýle hem 2, 5 we 10 kilometrlik aralyklar hödürlener. Ylgawdan başga-da, myhmanlara dürli sport oýunlaryndan, sowgatlardan we hakyky baýramçylyk şatlygyndan ybarat bolan gyzykly maksatnama garaşýar.
Ylgaw sagat 08:00-da başlanar. Guramaçylaryň bellemegine görä, 16 ýaşyna ýetmedik gatnaşyjylar diňe uly ýaşlylaryň ugratmagy bilen ýaryşa goýberilýär.
Ýaryşa gatnaşmak üçin öňünden hasaba durmak hökmandyr. Hasaba alyş çäresi 7-nji we 8-nji aprelde sagat 16:00-dan 20:00-a çenli şu nokatlarda amala aşyrylar:
«Hiroo Ashgabat» (9-njy kiçi etrapça);
Haýwanat dükany (Magtymguly şaýoly, 150-nji jaý).
Hasaba alnan wagtyňyz ýanyňyzda şahsyýeti tassyklaýan resminamaňyz bolmalydyr.