Aşgabatda sport we medeni çäreleri beýan etmek üçin ýaş habarçylaryň media topary döredildi

MilliInfo

20 Ýanwar, 2026

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2026-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän sport we medeni çäreleriň media ulgamynda beýan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda ýörite media toparyň döredilendigi yglan edildi. Onuň düzümine ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň degişli fakultetleriniň tejribeli mugallymlarynyň 12-si we zehinli talyplaryň 76-sy girdi.

Bu ýerde edilen çykyşlarda täze döredilen habarçylar toparynyň maksatlary, wezipeleri we guramaçylyk işiniň esasy ugurlary beýan edildi. Gatnaşyjylar ýaş žurnalistleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, tejribesini artdyrmaga, 2026-njy ýylda döwlet we halkara derejesinde geçiriljek möhüm wakalary hünär taýdan hem-de dessin beýan etmäge gönükdirilen ýörite okuw maslahatlaryny (treningleri) guramagy ara alyp maslahatlaşdylar.

Çykyş edenler media toparyň geljekki işiniň diňe bir ýurt üçin ähmiýetli çäreleriň ýokary hilli beýan edilmegine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine we beýleki ýurtlar bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hem uly goşant boljakdygyna ynam bildirdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info