14-nji awgustda paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen guramagynda geçirýän ajaýyp çäresi — Hindi kinosynyň festiwaly dabaraly ýagdaýda açyldy. Çäräniň medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim bolandygy we gündogar kinematografiýa däpleriniň muşdaklarynda uly gyzyklanma döredendigi «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Bu ýerde Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu gutlag sözi bilen çykyş etdi. Diplomat dostluga we özara hormat goýmaga esaslanýan türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini belledi hem-de bu forumyň geçirilmegine beren ýardamy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümine çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Ilçi Türkmenistanda hindi medeniýetiniň meşhurlygyna, hususan-da, hindi dilini öwrenmäge we ýoga bilen meşgullanmaga bolan gyzyklanma ünsi çekdi.
Türkmen tarapynyň wekilleri hindi kinematografiýasynyň tomaşaçylaryň kalbynda aýratyn orun tutýandygyny, sebäbi onuň söýgi, mertebe we wepalylyk ýaly ählumumy ynsanperwer gymmatlyklary beýan edýändigini nygtadylar.
Festiwalyň maksatnamasyny meşhur biografik drama bolan «Dangal» filmi açdy. Kinomarafon dowam edýär:
15-nji awgustda tomaşaçylara «Ogrulanmadyk gelinlik» (Непохищенная невеста) atly nusgawy romantik film hödürlener;
16-njy awgustda «Öňe, Hindistan!» (Вперёд, Индия!) atly sport dramasynyň görkezilmegi bilen bolsa Hindi kinosynyň festiwaly tamamlanar.
