Aşgabatda rus dili boýunça bäsleşik başlandy

MilliInfo

26 Noýabr, 2025

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölümi Naberežnyý Çelnynyň döwlet pedagogiki uniwersitetiniň (НГПУ) goldawy bilen, rus dili boýunça açyk bäsleşigiň başlanandygyny habar berýär. Oňa ýaşy 14-den ýokary bolanlar gatnaşyp biler. 

Gatnaşyjylara ýerine ýetirmek üçin 15 synag sowaly (utgaşma, yzygiderlilik, logika boýunça) hödürlener. Şeýle hem döredijilik gönükmesi — islendik tema boýunça kiçi esse berler.

Isleg bildirýänler 25-nji noýabrdan 26-njy dekabra çenli her gün sagat 11:00 — 17:00 aralygynda Aşgabatdaky Rus öýüne gelip, bäsleşige gatnaşyp bilerler. Ýeňijiler 2026-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda yglan ediler.

Bu bäsleşik öz bilimiňizi synap görmek, döredijilik ukypyňyzy görkezmek we sowgatlara eýe bolmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo