16—17-nji noýabrda BMG-niň Aşgabatdaky binasynda gibrid görnüşde «Çökgünlige garşy dolandyryşyň global we sebit tejribesi: gysga hem-de uzak möhletli geljekde täze hakykata uýgunlaşmagyň şertleri we mümkinçilikleri» atly iki günlük seminar geçirilýär. Çäräni Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen bilelikde gurady.
Duşuşyk söwda we ulag-logistika pudaklarynda Ýakyn Gündogardaky çökgünlige garşy çäre görmek boýunça BMGÖM-iň global başlangyjynyň çäklerinde geçirilýär. Esasy wezipe — döwlet düzümleriniň we biznesiň häzirki zaman düzgünleşdiriş mehanizmlerini ulanmakdaky mümkinçiligini ýokarlandyrmakdan, şeýle hem Ýakyn Gündogardaky durnuksyzlygyň dünýä, sebit we milli ykdysadyýete edýän täsirine toplumlaýyn baha bermekden ybaratdyr.
Bilermenler sessiýalarynyň dowamynda Türkmenistanyň degişli edaralarynyň, maliýe guramalarynyň we işewür toparlarynyň wekilleri 2008–2026-njy ýyllar döwründäki ykdysady çökgünlikleri hem-de global bazarlardaky üýtgeşmelere uýgunlaşmagyň halkara tejribelerini seljererler. Gatnaşyjylar ýurduň söwdasy, telekeçiligi we ulag geçelgeleri üçin derwaýys kynçylyklara, şeýle hem bu ulgamlary daşarky täsirlerden goramagyň usullaryna gararlar.
Işleriň jemleri we milli bahalandyrmalaryň seljermesi boýunça bilermenler amaly maslahatlary taýýarlarlar. Olar ykdysadyýetiň ejizligini azaltmak, bökdençsiz söwda akymlaryny saklamak we üpjünçilik zynjyrlaryny berkitmek boýunça ýörite Hereket meýilnamasynyň esasyny düzerler.
Taslama global durnuksyzlyk şertlerinde Türkmenistanyň ykdysady durnuklylygyny ýokarlandyrmaga, ygtybarly logistika ugurlaryny kemala getirmäge we durmuş-ykdysady ösüşiň milli wezipelerini ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.
