Aşgabatda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Uniwersiada başlandy

MilliInfo

4 Dekabr, 2025

Aşgabatda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sport ýaryşlarynyň açylyş dabarasy boldy.

Açylyş dabarasynda türkmen talyplary dünýä halklarynyň tanslaryny görkezdiler. Bäsleşikleriň dowamynda gatnaşyjylar sportuň 20 görnüşi, şol sanda ýeňil atletika, suwda ýüzmek, basketbol, gandbol, futzal, sambo, grek-rim we milli göreşler, şeýle hem küşt we tennis boýunça bäsleşerler.

Bäsleşikler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçýär. Şunda ilkinji ugurlaryň woleýbol, basketbol we futzal boljakdygy yglan edildi. Her ýyl geçirilýän Uniwersiadalar ýurduň ýokary netijeli sporty ösdürmek we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek ugrundaky tagallalaryny tassyklaýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info