Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binýadynda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy. Bu intellektual bäsleşik ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki gatnaşyklary pugtalandyrmaga we takyk ylymlar ugrunda zehinli ýaşlary goldamaga gönükdirilendir.
Açylyş dabarasy uniwersitetiň foýesinde ýaýbaňlandyrylan ýokary okuw mekdebiň üstünlikleriniň sergisi bilen açyldy. Uniwersitetiň rektory çärä gatnaşyjylara gutlag sözi bilen çykyş etdi. Açylyş dabarasynyň resmi böleginden soň gatnaşyjy toparlar tanyşdyryldy.
Şu ýylky olimpiada 9 döwletiň wekilleri gatnaşýar. Gatnaşyjylaryň umumy sany şeýle paýlanyldy:
240 adam — daşary ýurtly wekiller we Merkezi Aziýa, Ýewropa hem-de beýleki sebitlerden gelen talyplar;
400 adam — Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri we talyplary.
Bäsleşikler bäş gün dowam eder, her tapgyryň dowamlylygy 5 sagat bolar. Netijeler jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy 28-nji martda geçiriler.