Şu gün paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahaty we sergi öz işine başlaýar. «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän ähmiýetli forum ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, innowasion işläp taýýarlamalary tanyşdyrmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, ýurdumyzyň hünärmenlerini, iri halkara nebit-gaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny, maýadarlary we bilermenleri bir ýere jemlär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara ýollan Gutlagynda bellenilşi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, sebit we dünýä halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge hem gönükdirýär. Bu ugurda tagallalary birleşdirmek öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň möhüm şertleriniň biridir. Şoňa görä-de, ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek, logistika kuwwatyny berkitmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.
Gory boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käni türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen halkara bazarlara çykarmagyň esasy çig mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu gaz käni tapgyrlaýyn hem-de maksatnamalaýyn esasda özleşdirilýär. Şu ýylyň aprel aýynda «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmegi taryhy ähmiýetli waka boldy. Bu uly taslama ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde, mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmakda möhüm ädime öwrüldi.
Häzirki döwürde ýurdumyz tebigy gazyň eksport ugurlaryny artdyrmaga uly ähmiýet berýär. Bu ugurdaky möhüm taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini görkezmek bolar. Bu iri gaz geçirijiniň gurulmagy sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, goňşy we sebitiň döwletleriniň halklarynyň abadançylygyna, olaryň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Onuň möhüm tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylmagy bu ugurda uly öňegidişlikleriň gazanylýandygyna doly şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda nebitiň, gaz kondensatynyň täze ýataklaryny açmak, olaryň senagat derejeli gorlaryny artdyrmak, geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebit-gazly ýataklary özleşdirmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Ykdysadyýeti toplumlaýyn diwersifikasiýalaşdyryp, kuwwatly senagat döwletine öwrülýän ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynda» uglewodorod serişdelerini gaýtadan işläp, ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmäge gönükdirilen wezipeler göz öňünde tutuldy. Bu işleri ýerine ýetirmekde ekologiýa abadançylygynyň talaplaryna berk eýerip, daşky gurşawy aýawly saklamak, zyýanly gazlaryň täsirini peseltmek babatda giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
«OGT — 2026» halkara forumy Türkmenistanyň ýurduň iri we geljegi uly energetika taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly maýadarlar üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardygyny ýene bir ýola tassyklaýar.
