Aşgabatda Ýewropa medeniýetiniň günleri başlanýar

MilliInfo

11 sagat öň

Aşgabatda şäherlilere we paýtagtyň myhmanlaryna gyzykly hem täsirli maksatnamany hödürlejek Ýewropa medeniýetiniň günleri geçirilýär. Bu ýerde esasy çäräniň Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkesriniň gatnaşmagynda geçiriljek nusgawy saz agşamy bolup durýandygyny bellemek gerek.

Şu gün — 18-nji noýabrda 19:00-da Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatry Moris Raweliň doglan gününiň 150 ýyllygyna bagyşlanan konsertiň geçiriljek meýdançasyna öwrüler. Programmanyň dowamynda onuň iň tanymal eserleriniň biri — «Bolero» ýaňlanar. Saz eserini Rasul Klyçewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr ýerine ýetirer, fortepianonyň başynda bolsa Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri Wladimir Mkr­tumow çykyş eder. Munuň özi Ýewropa medeni mirasyny janly ýagdaýja diňlemek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Ýewropa medeniýetiniň günleriniň kulminasiýasy bolsa 21-nji noýabrda sagat 19:00-da başlanjak polşaly meşhur fortepianoçy Woýseh Waleçekiň konserti bolar, ol Döwlet orkestri hem-de Rasul Klyçew bilen bilelikde çykyş eder. Waleçek tomaşaçylaryň öňüne Şopeniň orkestr üçin niýetlenen №1 fortepiano konserti bilen çykar. Ýeri gelende bellesek, bu dünýäniň nusgawy sazynyň göwherine öwrülen gaýtalanmajak gymmatlykdyr.

Konsertleriň ikisine hem giriş tölegsizdir. Ýewropa medeniýetiniň günleri Aşgabadyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýar we Türkmenistanyň hem Ýewropanyň arasyndaky medeni dialogy pugtalandyrmaga ýardam eder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo