Türkmenistanyň we BAE-niň welosipedçileri Aşgabatdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda 150 kilometrlik ýol geçdiler

MilliInfo

14 Awgust, 2026

Türkmenistanyň we BAE-niň welosipedçileri Aşgabatdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda 150 kilometrlik ýol geçdiler

Aşgabatda Türkmenistanyň welosiped sporty boýunça ýygyndy toparynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň «Abu-Dabi» klubynyň türgenleriniň bilelikdäki okuw-türgenleşikleri gyzgalaňly dowam edýär. Paýtagtymyzyň giň şaýollary we Köpetdagyň etegindäki ýollar boýunça amala aşyrylan 150 kilometrlik ýöriş türgenler üçin hakyky sport synagyna öwrüldi.

Dört sagatlap dowam eden güýçlendirilen türgenleşigiň maksatnamasyna diňe bir ýeňil sürüş däl, eýsem, sagatda ortaça 30–32 km tizlik bilen uzak aralygy geçmek, şeýle hem tizligi sagatda 45–50 km-e çenli ýetirip, yzygiderli batlanmak ýumuşlary hem girizildi.

«Abu-Dabi» klubynyň hünärmeni Jamel Zerouati Aşgabadyň ýollarynyň hiline we okuw-türgenleşik ýygynynyň guralyş derejesine aýratyn ýokary baha berdi. Onuň sözlerine görä, paýtagtymyzda hünär taýýarlygy üçin ajaýyp şertler döredilipdir.

Bilelikdäki işiň dowamynda iki toparyň tälimçileri öňdebaryjy tejribe alyşýarlar, toparlaýyn ýaryşyň taktikalaryny kämilleşdirýärler we geljekde halkara meýdançasynda gazanyljak ýeňişleriň berk binýadyny tutýarlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info