Italiýaly jaz aýdymçysy Simona De Roza Aşgabatda çykyş eder

MilliInfo

10 Noýabr, 2026

Italiýaly jaz aýdymçysy Simona De Roza Aşgabatda çykyş eder

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy 2026-njy ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanda Ýewropa medeniýetiniň günleriniň geçiriljekdigini yglan etdi.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde tomaşaçylara ajaýyp aýdym-sazly waka — meşhur italiýaly jaz aýdymçysy we ýerine ýetirijisi Simona De Rozanyň konsert çykyşy garaşýar.

  • Senesi: 2026-njy ýylyň 20-nji noýabry

  • Wagty: 19:00

  • Geçirilýän ýeri: Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatry, Aşgabat şäheri

Guramaçylar paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny giň gerimli medeni gepleşikleriň çäklerinde guralýan bu sungat baýramyny bilelikde paýlaşmaga hem-de ajaýyp saz gurşawyndan lezzet almaga çagyrýarlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info