25-nji sentýabrda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly, Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar ministrliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Astrahan oblasty boýunça wekilhanasynyň wekilleri hem-de institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Şeýle-hem agzalýan çärä Funtowo obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar.
Konsul G.Ilamanow öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti, Garaşsyz Türkmenistanyň 34 ýylyň içinde ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri hem-de golaýda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti barada gürrüň berdi. Şeýle hem, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-rus gatnaşyklaryna syn berdi.
Soňra çäre goşgulary çeper okamak, türkmen halk aýdymlarynyň we dutar milli saz guralynda sazlaryň ýerine ýetirilmegi bilen dowam etdirildi. Çäre «küştdepdi» türkmen milli tansy bilen jemlendi.
Geçirilen medeni çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň konsuly we Hazar institutynyň direktory O.Kartaşowa bu ýokary okuw mekdepde bilim alýan türkmenistanly talyplar bilen terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdiler. Duşuşykda konsul talyplara hormatly Prezidentimiziň ýaşlar babatda alyp barýan döwlet syýasaty, olar üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler barada giňişleýin maglumat berdi.




