Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasy açyldy

MilliInfo

9 sagat öň

Düýn — 9-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahata gatnaşýan daşary ýurtly wekiliýetleriň ýolbaşçylary hem-de agzalary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we ylym-bilim ulgamynyň wekilleri bar.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa açylyş dabarasyndaky çykyşynda şu günki taryhy wakanyň — haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasynyň ähmiýetini nygtady. Bellenilişi ýaly, bu waka biziň ýurdumyzda çagalar hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, diňe Türkmenistanda däl, eýsem, dünýäde ýaşaýan ähli çagalar hakyndaky aladanyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýandygyny doly subut edýär.

Oguljahan Atabaýewa gaznanyň barha artýan halkara ynsanperwer işi barada aýdyp, Türkiýede, Ukrainada, Russiýada, Owganystanda, Täjigistanda ýüzlerçe çagalara kömek berlendigini, bu ýurtlara çagalara niýetlenen degişli ýükleriň ugradylmagynyň bolsa onuň işiniň çäginiň barha giňelýändigini görkezýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, munuň özi gaznanyň işiniň diňe bir ýurdumyzyň hemaýata mätäç çagalaryna däl, eýsem, zerur bolan halatynda, dünýä ýurtlarynyň ejir çeken çagalaryna hemaýat bermek maksadyny hem öz içine alýandygyny tassyklaýar.

Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda ýurdumyzyň Döwlet tugy belende galdyrylýar.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna bagyşlanan ýörite sazyň ýaňlanmagynda gaznanyň baýdagy galdyrylýar.

Dabara gatnaşyjylar «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans toparynyň çykyşyna tomaşa edýärler. Bu toparyň çykyşy hemişe ýatdan çykmajak waka öwrülýär. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan «Jahan» döredijilik merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak barada karara gelindi. Munuň özi merkeziň işini döwrebap alyp barmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Çykyş tamamlanandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa şowhunly el çarpyşmalar astynda binanyň toý bagyny kesdi.

Dabara gatnaşyjylar täze, döwrebap binada döredilen şertler bilen tanyşdylar. Haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasy öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn ösüşini üpjün etmek boýunça döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada edilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Soňra dabara gatnaşyjylar «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdiler. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar bu ýerde guralan türkmen milli tagamlarynyň sergisi bilen tanyşdylar. Türkmen milli aşhanasy diňe bir tagamlaryň toplumy bolman, eýsem, türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan baý medeni mirasynyň we myhmansöýerlik däpleriniň aýdyň mysalydyr. Milli aşhanamyza bagyşlanan sergi her bir tagamy taýýarlamak usulynyň halkymyzyň däp-dessurlary bilen berk baglanyşykly bolup, bu usullaryň nesilden-nesle geçirilip, dowamat-dowam bolýandygyny görkezmäge gönükdirilendir.

Sergi diňe bir tagamlary görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, halkymyzyň taryhy, edim-gylymlary, maşgala we jemgyýet bilen baglanyşykly ruhy-ahlak gymmatlyklary barada gürrüň berýär. Myhmanlara çörek, pişme, palaw hem-de dograma ýaly milli aşhanamyzyň naýbaşy tagamlary hödürlenildi.

* * *

Şeýle hem dabaranyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň arasyndaky dialogy işjeňleşdirmegiň, çagalaryň saglygyny goramak babatda toplanan tejribäni alyşmagyň, iki halkyň asylly däplerine laýyklykda haýyr-sahawat işini ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Duşuşygyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa we Leýla Aliýewa ýola goýlan netijeli dialogyň çagalaryň bähbidine mundan beýläk-de işjeň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo