7-nji oktýabrda Awazada döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň, bilermenleriň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen iki halkara çäräniň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) wekilleri gender deňligini we aýallaryň hukuklaryny üpjün etmegiň, adam maýasyna maýa goýmagyň we demografik durnuklylygy pugtalandyrmagyň sebitde durnukly ösüşi gazanmak üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogynyň dowamynda aýallaryň hukuklary we abadançylygy, gender deňligi, aýallaryň ykdysady, durmuş we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmagy, şeýle hem olaryň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki goşandy barada pikir alşyldy. «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahat demografik üýtgeşmeler we olaryň durmuş-ykdysady ösüşe, adam maýasyna, saglygy goraýşa, bilime, zähmet bilen üpjünçilige we durmuş goragyna ýetirýän täsiri boýunça pikir alyşmak üçin gatnaşyjylary bir ýere jemledi. Şeýle hem anyk maglumatlara esaslanýan demografik strategiýanyň işlenip düzülmegine we ilat baradaky maglumatlary ýygnamagyň we ulanmagyň döwrebap usullaryna aýratyn üns berildi.
Halkara zenanlar dialogynda çykyş eden UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasynyň Gender meseleleri boýunça sebit geňeşçisi hanym Gabriela Alwarez Minte durnukly ösüş üçin gender deňliginiň we aýallaryň hukuklarynyň ähmiýetini belledi. Ol aýallary we gyzlary gender zorlugyndan goramagyň, olary deň mümkinçilikler bilen üpjün etmegiň hem-de ykdysady garaşsyzlygyny pugtalandyrmagyň we karar kabul etmek işine gatnaşmagyny giňeltmegiň zerurdygyny nygtady.
«Aýal-gyzlaryň howpsuzlygy we mümkinçilikleri, olar üçin zerur serişdeleriň elýeterliligi hem-de deň hukuklar üpjün edilende, uzak möhletli parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmak üçin anyk şertler döredilýär» diýip, ol belledi. Şeýle hem ol zyýanly gender kadalaryny aradan aýyrmagyň we deňhukukly, gülläp ösýän hem-de parahatçylykly jemgyýetleri ösdürmek işine erkekleriň we oglanlaryň gatnaşmagyny üpjün etmegiň möhümdigini nygtady.
«Şu gün adam maýasyna goýulýan maýa goýumlary geljekki onýyllyklaryň dowamynda Türkmenistanyň ösüşiniň ugruny kesgitlär we demografik diwidendi durmuşa geçirmek üçin mümkinçilik döreder» diýip, UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasynyň Ilat we ösüş meseleleri hakdaky maksatnamasynyň hünärmeni hanym Aýnur Kanafina demografiýa boýunça halkara maskahatda eden çykyşynda belledi. UNFPA-nyň demografik geljek baradaky global synynyň (Demographic Futures Survey) netijelerine görä, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýaşlar geljege ynamly garaýarlar, maşgala gurmaga ýokary ähmiýet berýärler we olaryň aglaba bölegi iki ýa-da ondan köp çaga edinmek isleýärler. Kanafina bu islegleriň amala aşmagy üçin iş bilen üpjünçiligiň durnukly bolmagynypň, ýaşlaryň ösüşi we adam maýasyna maýa goýumlary ýaly durmuş-ykdysady şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny belledi. Türkmenistan bilen baglylykda ol ýurduň öňünde duran demografik mümkinçilikler penjiresine ünsi çekdi we Türkmenistanyň 2050-nji ýyla çenli Durnukly demografik ösüşiniň uzak möhletleýin Strategiýasynynyň işlenip-taýýarlanylmagynda UNFPA-nyň goldawyny tassyklady.
Bu iki çäre hem durnukly ösüşe degişli meseleler boýunça halkara dialogy öňe sürdi hem-de tejribe alyşmak üçin mümkinçilik döretdi. Bu meseleleriň arasynda aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, adam maýasyny ösdürmek, demografik durnuklylygy pugtalandyrmak we anyk maglumatlara esaslanýan strategiýany işläp taýýarlamak ýaly ugurlar bar. UNFPA Türkmenistanda milli hyzmatdaşlar bilen alyp barýan işlerini dowam etdirip, adamlaryň, olaryň saýlawlarynyň we abadançylygynyň durnukly ösüşiň merkezinde durmagyny üpjün edýän strategiýalaryň we çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanmagyna we durmuşa geçirilmegine goldaw berýär.
