Azerbaýjanda zenan sürüjileriň jemgyýetçilik ulaglaryny dolandyrmaga gatnaşygyny giňeltmek maksatnamasynyň çäklerinde täze okuw meýilnamasy işe girizildi.
Degişli habarda bellenilşi ýaly, dalaşgärler awtobuslaryň sürüjisi hökmünde hünär ýoluna başlamazdan öň, nazary hem-de amaly taýýarlykdan geçýärler.
Okuw-treningler diňe bir awtobus sürmek başarnyklary bilen çäklenmän, eýsem, etikanyň, aragatnaşyk medeniýetiniň we howpsuzlygyň meselelerini hem öz içine alýar. Esasy üns mümkinçilikleri çäkli adamlar bilen özüňi alyp barmagyň düzgünlerine gönükdirilýär. Maksatnama zenan sürüjileri ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmäge ukyply, ýolagçylar bilen mylaýym we edepli gatnaşyklary ýola goýýan hem-de kyn ýagdaýlarda hünär taýdan özüni dürs alyp barýan işgärler hökmünde taýýarlamagy maksat edinýär.
Treningleriň barşynda gatnaşyjylar gözegçilik usullary, hereketler, durmak we awtoulagy ýerleşdirmek boýunça amaly wezipeleri ýerine ýetirýärler. Esasy üns agyr ýol şertlerinde ulag dolandyrmak, öňe we yza hereket bilen duralgada goýmak, öwrümlerde dogry ugruň saýlanmagy we howpsuz aralygy saklamak meselelerine gönükdirilýär. Şol bir wagtyň özünde bolsa sürüjiler dürli ýol ýagdaýlarynda hadysalaryň töwekgelçiligini azaltmaga mümkinçilik berýän başarnyklary hem özleşdirýärler.

