Türkmenistan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Bagdatda geçen maslahatyna gatnaşdy

MilliInfo

31-nji ýanwar — 2-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ýokary derejeli wekilleriň maslahatynyň 52-nji mejlisine gatnaşdy. Bu mejlis şu ýylyň 11–12-nji aprelinde Bagdat şäherinde geçiriljek Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň öňüsyrasyndaky üçünji we iň möhüm taýýarlyk tapgyry bolup durýar.

Mejlisiň dowamynda türkmen tarapy «Bitaraplyk syýasatynyň YHG-niň giňişliginde we ählumumy derejede halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki we berkitmekdäki orny» atly kararnamanyň taslamasyny YHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisinde kabul edilmegi üçin hödürledi.

Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar syýasy, hukuk, maglumat we ynsanperwer ugurlarda strategik çözgütleri taýýarladylar, şeýle-de olaryň kabul edilmegine taýýarlyk görmek maksady bilen daşary işler ministrleri üçin iş maksatnamasyny jemlediler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info