Azerbaýjanyň paýtagtynda ýerleşýän deňiz ýakasyndaky seýilgähde gündogaryň tagam taýýarlamak sungatynyň iň özboluşlylygy hem-de baýlygy bilen tapawutlanýan ugry bolan türkmen aşhanasynyň dabaraly tanyşdyrylyşy geçirildi. Ajaýyp çäre Türkmenistanyň Azerbaýjandaky Medeniýet günleriniň çäginde guraldy. Bu barada «Trend Life» habar berýär.
Tagamlaryň, ýaňy bişen çöregiň lezzetli ysy we gündogar myhmansöýerligi bilen gurşalan baýramçylyk dabarasyna Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň medeniýet ministrlikleriniň wekilleri, Milli Mejlisiň deputatlary, diplomatlar, şeýle hem Bakuwyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.
Türkmeniň ak öýi hemmeleriň üns merkezinden ornuny tapdy. Giň we el halylary bilen bezelen, çölüň gaýtalanmajak gurşawyny ýatladýan öýde halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy şöhlelenýär. Oňa giren myhmanlar çarwa durmuşyň, ýyly ojagyň lezzetini duýýarlar. Onuň töwereginde bezelen saçakda bolsa türkmen milli tagamlary — ýakymly ysy bilen bendi edýän palaw, türkmen çöregi, datly süýjülikler we gadymy düzümler boýunça taýýarlanan beýleki tagamlar hödürlenildi.
Onuň golaýynda ýerleşdirilen sahnada türkmen sungat ussatlarynyň ajaýyp çykyşlary öz beýanyny tapýar. Olar milli tanslary, aýdymlary we saz kompozisiýalary bilen tomaşaçylary haýran galdyryp, dostlugyň we medeni bitewüligiň hakyky baýramyny döretdiler.
Çäräniň guramaçylarynyň bellemegine görä, şeýle başlangyçlar diňe bir iki halkyň medeni baýlyklary bilen tanyşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, umumy kökler, dil we däp-dessurlar bilen baglanyşýan Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrýar.






















